Google kompaniýasynyň Google Pay sanly töleg hyzmaty Özbegistanyň ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Bu barada Google Cloud kompaniýasynyň döwlet syýasaty we döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk boýunça ýolbaşçysy Marsin Krasuski Samarkantda geçirilen sanly tehnologiýalara bagyşlanan panel maslahatynda mälim etdi. Maslahat Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky «C5+1» duşuşyklarynyň çäklerinde geçirildi.

Google Pay hyzmaty ulanyjylara smartfon ýa-da akylly sagat arkaly harytlar we hyzmatlar üçin töleg geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin goldanylýan bank kartyny Google Wallet programmasyna goşup, enjamy söwda nokadyndaky kontaktsyz töleg terminalyna ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir.

Häzirki wagtda hyzmat işe girizilende Özbegistanyň haýsy banklarynyň kartlarynyň goldanyljakdygy barada resmi maglumat berilmedi.

Özbegistanyň Merkezi banky ozal Google Pay we Apple Pay töleg hyzmatlaryny ýurduň HUMO we UZCARD töleg ulgamlary bilen tehniki taýdan birleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar beripdi.

Google Pay hyzmatynyň işe girizilmegi Özbegistanda sanly töleg mümkinçiliklerini giňeltmek we nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolar.