Papa Lew XIV ruhany Pawel Ýanuş Kubýagy Watikanyň Türkmenistandaky katolik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy edip belledi. Bu barada Fides habar agentligi maglumat berdi.

Rim papasy wekilhananyň öňki ýolbaşçysy tagsyr Andžeý Madeýiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi. Onuň ýerine ozal Türkmenistandaky wekilhanada administratiw wezipelerde işlän tagsyr Pawel Ýanuş Kubýak bellenildi.

Andžeý Madeý 1997-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky katolik wekilhananyň ýolbaşçysy bolup işledi. Ol 2025-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlady. Şeýlelikde, onuň Türkmenistandaky gulluk döwri 28 ýyla golaý dowam etdi.

Täze wekilhananyň ýolbaşçysy Pawel Ýanuş Kubýak 1974-nji ýylyň 8-nji fewralynda Polşanyň Turek şäherinde dünýä indi. Ol 1994-nji ýylda oblatlar kongregasiýasyna goşuldy we bir ýyldan soň Swenty-Kşižde ruhanylyk boýunça başlangyç taýýarlygyny tamamlady.

Kubýak 1999-njy ýylda monahlaryň ömürlik kasamlaryny kabul etdi. 2001-nji ýylda bolsa Polşanyň Obra şäherinde ruhany derejesine bellenildi.

Ruhanylyk gullugynyň ilkinji ýyllarynda Pawel Ýanuş Kubýak Ukrainada we Russiýada ýerleşýän, Polşanyň kongregasiýasyna degişli wekilhanalarda işledi. Ol 2023-nji ýylda Türkmenistana gelýänçä şol ýerlerde dürli gulluk wezipelerini ýerine ýetirdi.

Täze ýolbaşçynyň Türkmenistandaky katolik wekilhanasyna bellenilmegi Watikan bilen Türkmenistanyň arasynda dini we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça täze tapgyry alamatlandyrýar.