Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa yssy hem-de az-kem ýagyşly bolar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23... +25 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +38 gradusdan +39... +41 gradus aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33... +38 gradus yssy bolar.
Ahal welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradusdan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.