Peruda ýüze çykarylan we ýitip gitmek howpy astynda durýan täze ösümlik görnüşine argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messiniň hormatyna «Salvia messii» diýlip at berildi. Bu barada «The Athletic» internet neşiri habar berýär.

Täze görnüşiň ady onuň açyk gök we ak reňkli gülleri bilen baglanyşyklydyr. Bu reňkler Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň eşikleriniň reňklerini ýatladýar.

«Salvia messii» ösümligi dermanlyk aýratynlyklary bilen hem ünsi çekýär. Bu görnüşe degişli käbir ösümlikleriň antioksidant, çişmä garşy we antiseptik häsiýetleri bilen tanalýandygy bellenilýär.

Lionel Messi 2023-nji ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyň esasy futbol ligasynda (MLS) çykyş edýän «Inter Maýami» klubynyň düzüminde oýnaýar. Ol karýerasynyň dowamynda Ispaniýanyň «Barselona» we Fransiýanyň «PSŽ» klublarynyň köýnekçesini hem geýdi.

Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Şeýle hem ol 2008-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny, 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Amerika kubogyny gazandy.

Argentinaly futbolçy «Altyn top» baýragyna sekiz gezek mynasyp bolup, bu görkeziji boýunça rekord eýesi hasaplanýar. Ol milli ýygyndynyň düzüminde geçiren oýunlarynyň we geçiren gollarynyň sany boýunça hem rekord goýdy.

Täze ösümlik görnüşine Messiniň adynyň berilmegi sport bilen tebigatyň arasyndaky özboluşly baglanyşygy görkezýär. Şeýle-de bu başlangyç seýrek ösümlik görnüşlerine we olaryň goralmagynyň ähmiýetine jemgyýetiň ünsüni çekmäge ýardam edip biler.