Tebigatda özboluşly görnüşi bilen adamlaryň ünsüni çekýän ajaýyp ýerler az däl. Şeýle täsinlikleriň biri hem Günorta Amerikanyň Peru döwletinde ýerleşýän «Cascada Velo de Novia» şarlawugydyr. Onuň daşyndan seredilende ak toý lybasyny geýen gelni ýada salýan görnüşi bu ýeri aýratyn özüne çekiji edýär.

«Gelniň şarlawugy» ady bilen hem tanalýan bu tebigy gözellik Peru-nyň demirgazygyndaky Kahamarka sebitinde ýerleşýär. Şarlawuk Kahamarka dagynyň belent ýerlerinden gaýalaryň üstüne inýän suw akymyndan emele gelýär. Suwuň gaýalaryň ýüzünden akyp düşüşi uzakdan seredilende ak lybasly gelniň keşbini ýada salýar.

Takmynan 15 metr beýiklikden akýan şarlawuk sebitdäki syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi. Tebigatyň özboluşly görnüşi, daglyk ýerleri we şarlawugyň daş-töweregindäki peýzažlar bu ýere gelýän syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Bu tebigy täsinligiň ýanyna barmak hem aňsat däl. Şarlawuga ýetmek üçin dagyň beýikli-pesli ýollaryndan, kert gaýalaryň arasyndan iki sagatdan gowrak pyýada ýöremeli bolýar. Şeýle-de bolsa, kyn ýola garamazdan, özboluşly tebigy görnüşi görmek isleýän jahankeşdeler bu ýere uly gyzyklanma bildirýärler.

«Gelniň şarlawugy» 2019-njy ýyldan başlap syýahatçylyk taýdan has meşhur ýerleriň biri hökmünde tanalyp başlady. Ýylyň käbir döwürlerinde bu ýere baryp görmek bilen bagly çäklendirmeler girizilýär. Şonuň üçin tebigatyň bu täsinligini görmek mümkin bolmadyk wagtlarda onuň gözelligi foto we wideoşekiller arkaly synlanýar.

Perunyň «Gelniň şarlawugy» tebigatyň dürli görnüşleri döredip bilýändigini görkezýän täsin ýerleriň biri bolup, daglaryň, gaýalaryň we suwuň sazlaşygy onuň özboluşly keşbini emele getirýär.