
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary 2025-nji ýylyň Klublaryň Dünýä Çempionatynyň ýarym finalynda Ispaniýanyň «Real» toparyny 4:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ilkinji gezek finala çykdy.
Duşuşygyň esasy pursatlary:
6-njy minutda — Fabian Ruis hasaby açdy.
9-njy minutda — Usman Dembele toparynyň ikinji goluny geçirdi.
24-nji minutda — Fabian Ruis oýunda ikinji goluny ýerine ýetirdi.
82-nji minutda — Gonsalu Ramuş duşuşygyň soňky goluny geçirdi.
«Real» garşydaşynyň güýçli basyşyna garşy durup bilmedi. PSŽ bolsa ýokary tempde oýnap, öz mümkinçiliklerini netijeli peýdalandy.
Finalda PSŽ bilen «Çelsi» duşuşar
PSŽ klubu finalda Angliýanyň «Çelsi» topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 13-nji iýulda geçiriler we dünýä çempiony kesgitlener.
Keywords