Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Nagoya şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky medal gaznasyna ýene bir kümüş medal goşuldy. Agyr atletika boýunça 110 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 22 ýaşly halkara derejeli sport ussady Şahzadbek Matýakubow Aziýa oýunlarynyň wise-çempiony boldy.

Ýaryşyň bu agram derejesinde 11 türgen medal ugrunda bäsleşdi. Olaryň arasynda Olimpiýa oýunlarynyň, dünýä we Aziýa çempionatlarynyň ýeňijileri hem bardy.

Soňky synanyşykda gazanylan möhüm netije

Matýakubow siltermede üç synanyşygynyň ählisini üstünlikli ýerine ýetirip, 180, 184 we 188 kilogramlyk agramlary göterdi. Şeýlelikde, ilkinji hereketden soň 188 kilogramlyk netije bilen üçünji orunda ýerleşdi.

Ikinji hereketde — itekläp götermekde — türkmen türgeni ilkinji synanyşykda 217 kilogramlyk agramy galdyryp bilmedi. Soňra onuň topary başlangyç agramy üýtgedip, has ýokary görkeziji bilen dowam etmek kararyna geldi.

Matýakubow 220 kilogramlyk synanyşygy geçip, 222 kilogramy sargyt etdi. Ilkinji synanyşykda bu agramy göterip bilmedik türkmen türgeni soňky çykalgasynda özüni görkezdi. Ol 222 kilogramy üstünlikli galdyryp, iki hereketiň jemi boýunça 410 kilogramlyk netijä ýetdi.

Bu netije oňa bäsdeşlerinden öňe geçmäge mümkinçilik berdi.

Özbegistanyň wekili Akbar Juraýew bolsa 197 kilogramlyk silterme we 226 kilogramlyk itekläp götermek bilen iki hereketiň jemi boýunça 423 kilogram netije görkezdi we Aziýa oýunlarynyň täze rekordyny goýup, altyn medal gazandy.

Hytaýyň wekili Lýu Huanhua 405 kilogramlyk netije bilen bürünç medala mynasyp boldy.

Şeýlelikde, 110 kilograma çenli agram derejesinde baýrakly orunlar şu görnüşde paýlandy:

🥇 Akbar Juraýew (Özbegistan) — 423 kg (197+226)
🥈 Şahzadbek Matýakubow (Türkmenistan) — 410 kg (188+222)
🥉 Lýu Huanhua (Hytaý) — 405 kg (185+220)

Şahzadbegiň sport ýoly

Şahzadbek Matýakubow üçin bu Aziýa oýunlary uly ýaşly türgenleriň arasynda ilkinji podium netijesi boldy. Şeýle-de ol 110 kilograma çenli täze agram derejesinde ilkinji gezek çykyş etdi.

Türgen sport ýoluna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda başlap, ilkinji tälimini dogany Nabijon Matýakubowyň ýolbaşçylygynda aldy. Häzirki wagtda bolsa milli ýygyndynyň baş tälimçisi Meretguly Sähetmyradowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.

Matýakubow 2023-nji ýylda 96 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda altyn medal, Doha şäherindäki IWF Grand Prix II ýaryşynda altyn medal we Meksikanyň Gwadalahara şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy.

2024-nji ýylda bolsa 102 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň dünýä çempionatynda üç altyn medal eýeledi. Ol şol ýaryşda itekläp götermekde 216 kilogramlyk dünýä ýetginjekler rekordyny hem goýdy. Şol ýyl Dohada geçirilen Aziýa çempionatynda hem üç altyn medal gazanyp, itekläp götermekde 219 kilogram we iki hereketiň jemi boýunça 396 kilogram bilen dünýä ýetginjekler rekordlaryny täzeledi.

Türkmenistanyň beýleki agyr atletikaçylarynyň netijeleri

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde agyr atletika boýunça ýene üç türgen çykyş etdi.

75 kilograma çenli agram derejesinde Bektimur Reýimow 337 kilogramlyk (155+182) netije bilen sekiz türgeniň arasynda bäşinji orny eýeledi.

86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Anamjan Rustamowa 258 kilogram (116+142) netije bilen dördünji boldy. Ol bürünç medal eýesi Eýranly Mahsa Beheştiden bary-ýogy 1 kilogram yza galdy.

53 kilograma çenli agram derejesinde Ogulşat Amanowa 191 kilogram (88+103) netije bilen 13 türgeniň arasynda dokuzynjy orny eýeledi.

Göreşde türkmen türgenleri medala ýetip bilmedi

Aziýa oýunlarynda gurash boýunça ýaryşlar hem tamamlandy. Bu görnüşde Türkmenistan alty türgen bilen çykyş etdi. Nurana Hezretowa, Hydyr Muhammedow, Arslan Çaryýew, Sabina Kadyrowa, Humay Jumadurdyýewa we Ilýas Muhammedow dürli tapgyrlarda çykyşlaryny tamamladylar.

Nurana Hezretowa 78 kilograma çenli agram derejesinde 1/8 finalda gyrgyz türgenini 10:0 hasabynda ýeňse-de, çärýek finalda Özbegistanyň wekili Şohista Nazarowa 0:3 hasabynda ýeňildi.

Hydyr Muhammedow 66 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji duşuşygyny 3:0 hasabynda ýeňip, çärýek finalda Täjigistanyň wekili Ýosin Bobokalanowa 0:5 hasabynda ýeňildi.

Arslan Çaryýew we dünýä çempiony Sabina Kadyrowa hem çärýek finalda ýeňlişe sezewar bolup, medallaryň daşynda galdylar.

Ýeňil atletikada iki türkmen türgeni çykyş etdi

200 metr aralyga ylgamak boýunça Lukman Gurbannurdyýew 22,11 sekuntlyk netije bilen öz ýaryşynda bäşinji, umumy hasapda bolsa 31 türgeniň arasynda 25-nji orny eýeledi.

Enjan Esedowa hem 200 metr aralykdaky saýlama ýaryşynda 25,16 sekunt netije bilen sekizinji bolup, umumy hasapda 25 türgeniň arasynda 21-nji ýeri eýeledi.

Göreşde üç türgen çykyş etdi

Greko-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň üç wekili baýrakly orunlar üçin göreşdi.

130 kilograma çenli agram derejesinde 17 ýaşly Aslan Agadadaýew çärýek finalda taýlandly türgeni 9:0 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda Özbegistanyň wekili Rafael Tsitsuashwili 0:8 hasabynda ýeňlen Aslan bürünç medal ugrunda geçirilen duşuşykda Günorta Koreýanyň türgenine 2:7 hasabynda ýeňildi we bäşinji orny eýeledi.

97 kilograma çenli agram derejesinde Amanberdi Agamammedow hem bäşinji orny eýeledi. 60 kilograma çenli agram derejesinde Azatjan Achilow bolsa iki duşuşykdan soň ýaryşy tamamlady.

Erkin göreşde bolsa Alparslan Begenjow 86 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji duşuşygynda Hytaýyň wekili Aýdusi Hadeni 5:1 hasabynda ýeňdi. Çärýek finalda mongol türgeni Suldhuu Olonbaýara 0:4 hasabynda ýeňlip, ýaryşdan çykdy.

125 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Zyýamuhammet Saparow bolsa bürünç medal ugrundaky duşuşykda Gazagystanyň wekili Ýedige Kasymbeke 4:14 hasabynda ýeňildi.

97 kilograma çenli agram derejesinde Şatlyk Hemelaýewiň çykyşlary bolsa Aziýa oýunlarynyň soňky ýaryş gününde dowam eder.