Özbegistan bilen ABŞ ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, Merkezi Aziýanyň bitewi sebit hökmünde mümkinçiliklerini doly açmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow Samarkantda geçirilen «C5+1» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyň açylyşynda çykyş edende belledi.

Bahtiýor Saidow Özbegistana ilkinji saparyny amala aşyrýan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubiony mähirli garşylap, onuň ýolbaşçylygyndaky toparyň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Ministr ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berýändigini hem nygtady. Onuň aýtmagyna görä, Özbegistanyň we ABŞ-nyň prezidentleriniň arasynda özara ynama esaslanýan dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde täze mümkinçilikleri açdy.

Samarkant şäheriniň duşuşygyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy aýratyn ähmiýete eýedir. 2015-nji ýylda hem hut şu şäherde «C5+1» formatyndaky ilkinji ministrler duşuşygy geçirilipdi. Şondan bäri hyzmatdaşlygyň gün tertibi giňelip, özara gatnaşyklaryň mehanizmleri kämilleşdirildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň sebit derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandy we olaryň öz geljegini özbaşdak kesgitlemek mümkinçilikleri giňeldi.

Bahtiýor Saidow Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň diňe sebitiň ýurtlary üçin däl, eýsem, olaryň halkara hyzmatdaşlary üçin hem ähmiýetlidigini belläp, «Güýçli, durnukly we gülläp ösýän Merkezi Aziýa ähli döwletlerimiziň we halkara hyzmatdaşlarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär» diýip nygtady.

Ministriň habar bermegine görä, Özbegistan «C5+1» formatynyň Sekretariatyna başlykdaşlyk wezipesini öz üstüne alyp, ozal gazanylan netijeleri ösdürmegi, hyzmatdaşlygyň dowamlylygyny üpjün etmegi we gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.

Duşuşykda Samarkant şäheriniň taryhy ornuna hem üns çekildi. Asyrlarboýy halklaryň, söwda ýollarynyň, bilimleriň we pikirleriň çatrygy bolup gelen bu şäher häzirki döwürde hem halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm meýdança hökmünde çykyş edýär.

Samarkantda geçirilýän «C5+1» duşuşygy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy dialogy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýär.