
Serdar Ýazhanow, Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy: Mekdepde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýär. Munuň üçin daşary ýurt dilleri boýunça sapaklary okatmagyň we öwretmegiň iň kämil we öňdebaryjy usullaryndan peýdalanýarys. Ähli synplar boýunça sapakda guralýan oýunlar, oýun görnüşli bäsleşikler okuwçylarda sapaga bolan gyzyklanmany artdyrýar. Esasy maksat bolsa, okuwçyda sapagy öwrenmäge we oňa işjeň gatnaşmaga bolan höwesiň döredilmegidir. Okuwçylaryň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmagyň täsirli serişdeleriniň biri hem sapak wagtynda, sapakdan daşary geçirilýän öwrediji oýunlar we bäsleşiklerdir. Bu usul okuwçylarda sapaga bolan oňyn gatnaşygy emele getirýär, okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şonuň üçin mugallym sapakda okuwçylaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr. Öwrediji oýunlar okuwçylaryň bilesigelijiligini artdyrýar. Akyl ýetirijiligini, logiki pikirlenmäni, duýgurlygy işjeňleşdirýär. Sapakda oýunlary guramak mugallymyň oňat taýýarlygyny we ussatlygyny talap edýär. Okuwçynyň sapaga bolan gyzyklanmasyny öwrediji oýna we bäsleşige dahylly görkezme esbaplar bilen ýokarlandyryp bolýar. Bu işleri sapagyň dürli görnüşlerinde geçirmek bolýar. Mekdepde mugallym okuwçylar bilen sapaklaryny döredijilikli guramaga, dürli serişdeleri her bir tema laýyk getirmäge, olary gerekli ýerinde ulanmaga ukyply bolmalydyr. Öwrediji oýnuň, bäsleşigiň netijeli bolmagy üçin olarda nähilidir bir täzelik bolmaly. Okuwçylary gyzyklandyrýan şertleri düzmeli we saýlap almaly. Daşary ýurt dillerini okatmakda bäsleşik görnüşli sapaklary guramak has netijelidir. Bäsleşik sapaklarynda synp okuwçylaryny toparlara bölüp, bäsleşigiň şertlerini—geçilen tema degişli ýumuşlary, şol sanda fonetika, grammatika, geçilen tekstlere görä taýýarlap bolýar. Iňlis dili sapaklarynda fonetik bäsleşikler sesleriň dogry aýdylmagyna, basymyň dogry ulanylmagyna itergi berýär. Bäsleşikde okuwçylar biri-birlerinden hem öwrenmek mümkinçiliklerini alýarlar. Bäsleşigiň birnäçe şertleri bolýar. Muňa iňlisçe aýdylan sözüň soňky sesine laýyklykda, täze söz tapmak (Sound Chain), meňzeş sesli sözleri tapmak (Rhyme Time), sözleri bogunlara bölmek (Syllable Clapping) we ýaňyltmaçlar (Tongue Twisters) degişlidir. Bu şertler okuwçynyň diňlemek we geplemek ukybyny ösdürýär. Ýaňyltmaçlar (Tongue Twisters): meňzeş sesleri öz içine alýan çylşyrymly sözlemleri çalt aýtmak, ýagny ýaňyltmaçlar säginmän aýdylýar. («She sells sea shells...»). Munda okuwçylar iňlisçe ýaňyltmaçlary ýalňyşmazdan ýerine ýetirýärler. Bäsleşigiň ýene bir şertinde, ýagny Sound Chain (ses zynjyry) her topardan birnäçe okuwçygatnaşýarweiňlisçesözaýdýar (meselem, «Dog»), indiki okuwçy öňki sözüň soňky sesi bilen başlanýan täze söz aýdýar («Game», «Egg», «Go»). Munda iňlisçe köp sözleri tapmagy başaran topar ýeňiji bolýar. Iňlis dili sapaklarynda didaktik şertli bäsleşikler okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak, grammatikany berkitmek we gepleşik ukybynyösdürmeküçinöränähmiýetlidir. Munda toparlar sypatlara we hallara (Adjectives and Adverbs) degişli sözler boýunça üm üsti bilen düşündirýär. Garşydaş topar bolsa, görkezilen hereketler boýunça sypatlara we hallara degişli sözlemleri düzüp aýdýar. Sözlem düzülende şol bir pikir we sözler iki gezek gaýtalanylmaýar. Gaýtalanýan sözleri ulanan toparyň agzasy oýundan çykýar. Meselem: Aman örän akylly. Ol kitaplary gowy okaýar. (Aman is very clever. He reads books well), Gözel göreldeli okuwçy. Ol iňlis dilinde suwara gürleýär.(Gozel is an active pupil. She speaks English fluently). Iňlis dili sapaklarynda okuw işiniň netijeli bolmagyny gazanmakda okuwçylaryň akyl ýetiriş ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen usullaryň we serişdeleriň ulanylmagy derwaýysdyr. Olaryň hatarynda aň-düşünje taýdan öz-özüni sazlamak maksady bilen guralýan oýunlaryň dürli görnüşlerini, goşgulary, nakyllary, atalar sözlerini peýdalanmak, sözleýiş edebini ulanmak, kynçylyklary seljermek ýaly işleri görkezmek bolar. Interaktiw usulda guralýan sapaklaryň netijeliligi has-da ýokary bolup, okuwçylar diňlemek, görmek arkaly geçilýän temalary gowy özleşdirýärler. Okuwçylar iňlis dilindäki sözleriň dogry aýdylyşyny diňläp, özleri hem ony gaýtalap kämilleşýärler. Şeýle-de mugallym sözlemleriň aýdylyşyny diňlemek arkaly sözlem gurluşyny ýatdan kesgitlemegi öwredýär. Şunda, esasan, olaryň başarnygyna, ýatkeşligine, gyzyklanmasyna üns bermek gerek. Şonuň üçin mugallym olara gözegçilik edip durýar, olaryň aýratynlykda dil öwrenmäge bolan ukybyny kämilleşdirmäge çalyşýar. Munuň özi okuwçynyň özüne bolan ynamyny artdyryp, dili tiz özleşdirmegine ýardam berýär.
Keywords