Aşgabatda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisiniň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň iş bölümine giriş sözünde GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döredilen şertler we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Sergeý Lebedew türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli gutlady. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy 27-nji sentýabrda bellenilýär.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň hem ähmiýetine ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, bu möhüm çäre milli jebisligi pugtalandyrmakda we ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
GDA-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň şu ýyl Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi. Ol ýylyň dowamynda geçirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanandygyny nygtady.
Sergeý Lebedew Aşgabatdaky häzirki duşuşygyň hem üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol güýz aýlarynda Türkmenistanyň Milli syýahatçylyk zolagy «Awazada» geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitleriniň hem döwletara gepleşikleriň ýokary standartlaryna laýyk geljekdigini belledi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.