Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän Luwr muzeýi giň gerimli abatlaýyş we döwrebaplaşdyryş işleri üçin döwlet tarapyndan goldaw berilmese, geljekde köpçülik üçin ýapylmaga mejbur bolup biler. Bu barada muzeýiň prezidenti Kristof Leribot «Le Figaro» neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Onuň bellemegine görä, Fransiýanyň geljekki hökümeti muzeýiň ýagdaýyna aýratyn üns bermeli. Abatlaýyş, täzeleniş we özgertmeler geçirilmedik ýagdaýynda dünýäniň iň meşhur muzeýleriniň biri bolan Luwr häzirki zaman talaplaryndan yza galyp, ahyrsoňy gelýänler üçin gapylaryny ýapmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Kristof Leribo şeýle ýagdaýyň «betbagtçylyk boljakdygyny» nygtady.
Muzeýiň ýolbaşçysy dünýäde iň köp zyýarat edilýän muzeýiň häzirki tehniki ýagdaýyny «örän erbet», gelýänleriň sanyny bolsa aşa köp diýip häsiýetlendirdi. Geçen ýyl Luwra takmynan 9 million adam baryp gördi.
Kristof Leribo muzeýi düýpli döwrebaplaşdyrmagy we täze girişi gurmagy göz öňünde tutýan «Louvre New Renaissance» taslamasyny öňe sürýär. Taslamanyň bahasy takmynan 1 milliard ýewro diýlip çaklanylýar, gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bolsa 12–15 ýyl dowam etmegi mümkin.
Muzeý hususy maýa goýumlaryny özbaşdak çekmegi meýilleşdirýär. Emma döwlet tarapyndan uly möçberde maliýe goldawynyň berilmegi baradaky çözgüdi geljek ýyl geçiriljek milli saýlawlardan soň tassyklamak zerur bolar. Leribonyň aýtmagyna görä, ýüze çykan meseleleriň ählisini birbada çözýän ýönekeý usul ýok, sebäbi olaryň biri-biri bilen ýakyn baglanyşygy bar.
Luwryň howpsuzlyk meseleleri hem aýratyn üns merkezinde durýar. Mundan bir ýyl ozal, 2025-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda muzeýiň Apollon galereýasyndan şa gymmatlyklarynyň ýygyndysyna degişli sekiz sany gymmatbaha şaý-sep ogurlandy. Olaryň umumy bahasy takmynan 100 million ABŞ dollaryna deň diýlip çaklanylýar. Bu waka muzeýiň howpsuzlyk ulgamyndaky düýpli kemçilikleri ýüze çykardy.
2026-njy ýylyň fewralynda muzeýiň ozalky direktory Lorans de Kar wezipesinden çekildi. Ol abatlaýyş maksatnamasyny öňe sürüpdi, emma kärdeşler arkalaşyklary onuň gelýänler üçin gündelik şertleri gowulandyrýan ownuk özgertmelerden has köp giň gerimli binagärlik taslamalaryna ähmiýet berendigini öňe sürüpdi.
Kristof Leribonyň maglumatyna görä, bahasy 83 million ýewro bolan howpsuzlygy güýçlendirmek meýilnamasy çalt depginlerde durmuşa geçirilýär. Muzeýde howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy üçin täze wezipe döredilýär, wideogözegçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Bar bolan ulgamda könelişen enjamlaryň we gözegçilik edilmeýän «kör nokatlaryň» bardygy anyklanyldy. Şeýle hem muzeýiň daşky çäkleriniň we giriş-çykyş ýerleriniň goragy güýçlendirilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.