Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalarynda jemi 9 sany geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna amala aşyrylan söwdalaryň çäginde Türkiýäniň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri tarapyndan nah ýüplük, çig ýüpek hem-de pagta ýagynyň soapstogy satyn alyndy. Bu geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň işewürleri tarapyndan içerki bazar üçin jemi bahasy 78 million 93 müň manada deň bolan nah ýüplük we pagta süýümi satyn alyndy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.