
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Şwesiýanyň milli ýygyndysy Tunisiň derwezesine 5 jogapsyz pökgi geçirip, uly ýeňiş gazandy. Bu duşuşyk täsin bir waka bilen ýadygär galdy: ýeňlişden soň, Tunis ýygyndysynyň baş tälimçisi Sabri Lamuşi wezipesinden boşadyldy.
Bu karar dünýä futbolynda rekord hökmünde bellige alyndy. Sebäbi, taryhda ilkinji gezek bir baş tälimçi dünýä çempionatynyň ilkinji tapgyryndan soň gös-göni işinden boşadyldy. 54 ýaşly hünärmen ýygyndyny şu ýylyň ýanwar aýynda kabul edipdi. Tunis topary toparçadaky indiki duşuşyklaryny Ýaponiýa we Niderlandlaryň ýygyndylaryna garşy geçirer.
Keywords