Türkmen hünärmenleri Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Klimat — Ýaşlar — Daglar» tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşyp, ekologiýa meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri Gyrgyzystanyň Yssykköl sebitinde geçirilen «Klimat — Ýaşlar — Daglar» atly sebitleýin tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berdi.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralan okuw maksatnamasy 16 — 22-nji awgust aralygynda geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş wekilleri gatnaşyp, klimatyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, dag ekosistemalaryny aýawly saklamak we sebitde ýüze çykýan ekologik meseleleriň çözgüdinde ýaşlaryň ornuny güýçlendirmek ýaly ugurlar boýunça bilimlerini artdyrdylar.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar okuw sapaklaryna, açyk söhbetdeşliklere we dürli amaly çärelere gatnaşyp, daşky gurşawy goramak boýunça tejribe alyşdylar. Türkmen wekilleri hem sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etdiler.
Okuw maksatnamasynyň ahyrynda onuň gatnaşyjylaryna ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
Türkmen wekilleriniň bu halkara çärä gatnaşmagy ýaşlaryň ekologiýa ulgamyndaky bilimlerini we amaly başarnyklaryny ösdürmäge, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda tejribe alyşmaga hem-de daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşdy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.