Hytaýyň Guançžou şäherinden Daşkende barýan HY 573 belgili uçuş wagtynda Pakistanyň raýaty bolan ýolagçylaryň birine gyssagly lukmançylyk kömegi gerek boldy. Uzbekistan Airways awiakompaniýasyna degişli uçaryň bortunda bolan özbek lukmany Damir Muminowyň habar bermegine görä, näsaga Türkmenistanyň lukmany Hoşgeldi Rejepow bilen bilelikde kömek berildi.
Lukmanlaryň kömegine mätäç bolan ýolagçyda ýiti zäherlenmäniň we güýçli suwsuzlanmanyň alamatlary ýüze çykypdyr. Ol üznüksiz gusmakdan, güýçli gowşaklykdan ejir çekipdir, arterial gan basyşy peselip, pulsy gowşapdyr.
Damir Muminowyň aýtmagyna görä, iki lukmanyň sazlaşykly hereketleri netijesinde ýolagçynyň ýagdaýyny durnuklaşdyrmak we esasy ýaşaýyş görkezijilerini kadalaşdyrmak başardypdyr.
Türkmenistanyň raýaty Hoşgeldi Rejepow Aşgabat şäherindäki iri harby hassahanalaryň birinde lukman-terapewt bolup işleýär. Damir Muminow şeýle tejribeli hünärmen bilen bilelikde adama kömek bermegiň özi üçin uly hormatdygyny belläpdir.
Özbek lukmany bu waka barada aýdyp, lukmançylygyň serhetleri we milletleri saýgarmaýandygyny nygtapdyr. Onuň bellemegine görä, adama kömek gerek bolan pursatda hünär borjy, özara goldaw we ynsanperwerlik hemişe birinji orunda durýar.
Bu waka dürli ýurtlaryň lukmanlarynyň hünär ussatlygynyň we ynsanperwerliginiň adamyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedigini ýene bir gezek görkezdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.