
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda hemişe agzybir, asuda we özbaşdak döwlet gurmak arzuwy bilen ýaşap gelen halkdyr. Bu beýik arzuwyň ýolunda ençeme hanlar, serdarlar we parasatly ýolbaşçylar taryh sahypasynda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Şolaryň hatarynda hanlaryň hany diýen derejä eýe bolan Nurberdi han aýratyn orun eýeleýär.
Nurberdi han 1820-nji ýylda Ahalda dünýä inip, 1880-nji ýylda hem şol ýerde aradan çykýar. Ol 1850-nji ýylyň ahyryndan 1880-nji ýyla çenli Ahalyň hany bolup, ömrüniň ahyrynda bolsa Ahal bilen birlikde Marynyň hem hany hökmünde tanalypdyr.
1850-nji ýylyň ahyrynda Gökdepede geçirilen uly maslahatda, otuz ýaşlaryndaky Nurberdi Döwletýar baý ogly halkyň biragyzdan goldamagy bilen hanlyga göterilýär. Çeşmeleriň beýan etmegine görä, Nurberdi han uzyn boýly, süňkbaşy iri, eginlek, bugdaýreňk, az sözli, synçy we ýokary akyl-paýhasa eýe adam bolupdyr. Ol söweş syýasatyndan başy çykýan, sowatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçy hökmünde tanalypdyr.
Nurberdi han Anan onbegiň ýuwlugy, Garry baýyň çowlygy, Mürrük baýyň agtygy, Döwletýar baýyň ogludyr. Onuň şejeresi teke taýpasynyň togtamyş urugyndan gelip çykýar: teke — togtamyş — wekil — akwekil — garaýörme — onbegi.
Ol ýaşlyk ýyllarynda Garaoglan hanyň terbiýesini alsa-da, esasy terbiýeçisi hökmünde Däli tilki tanalýar.
Şol Gökdepe maslahatynda Börmäniň gala hany Öwezmyrat (Dykma serdar Mämmetnazar ogly) baş serdarlyga bellenilýär we ol Nurberdi hanyň ömrüniň ahyryna çenli onuň iň ynamdar sag goly bolupdyr.
Şol döwürde döwlet dolandyryşynyň möhüm ugurlary — kazylyk, wekillik, onbeglik, işabaşylyk (goşun serenjamçysy), ýüzbaşylyk ýaly wezipeler ýola goýulyp, jemgyýetiň tertip-düzgüni berkidilýär.
Ahalda Nurberdi hanyň, Sarahsda bolsa Gowşut hanyň hanlyga göterilmegi olaryň arasynda doganlyk we dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Nurberdi hanyň baştutanlygynda türkmen taýpalarynyň arasynda agzybirligi berkitmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.
Bu syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen ýörite wagyz-nesihatçy toparlar döredilýär. Olar halkyň arasynda agzybirligi wagyz edip, obalary we ilaty duşmanlardan hem-de alamançylardan gorapdyrlar. Şeýlelikde, birek-birege kömek etmek, hüşgärlik we özara goldaw türkmen jemgyýetiniň esasy ýörelgelerine öwrülýär.
Beýleki taýpalar hem bu syýasaty goldap, Nurberdi hanyň agzybirlik ýoluny kabul edipdirler.
Umuman alanyňda, XIX asyryň ortalarynda Günorta Türkmenistanda Nurberdi hanyň, Gowşut hanyň, Demirgazyk Türkmenistanda bolsa Atamyrat hanyň tagallalary netijesinde türkmen döwletliliginiň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlapdyr. Olar türkmen taýpalaryny birleşmäge, agzybir bolmaga we özbaşdak döwlet gurmaga çagyrypdyrlar.
Nurberdi han türkmen taryhynda diňe bir han hökmünde däl, eýsem agzybirligiň, parasatly dolandyryşyň we döwletlilik düşünjesiniň nyşany hökmünde hem mynasyp orun alýar.
Keywords