Türkmenistanyň ýygyndy topary Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde dowam edýän Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, gazanan medallarynyň umumy sanyny 11-e ýetirdi. Bu barada MilliInfo habar berýär.
Türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň arasynda 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç medal bar.
Altyn medallara milli göreş boýunça +100 kg agram derejesinde çykyş eden Annagurban Allaberdiýew hem-de alyş göreşiniň erkin usulynda +100 kg agram derejesinde ýaryşan Nurmuhammet Baýdogdyýew mynasyp boldular.
Kümüş medallary bolsa alyş göreşiniň nusgawy usulynda 80 kg agram derejesinde Mekan Nurberdiýew, erkin usulynda 60 kg-da Abdyresul Durdyýew we 80 kg-da Silapberdi Nuryýew gazandylar.
Bürünç medallaryň eýeleri hökmünde kuraş boýunça +100 kg-da Ylham Kemalow, ssirym boýunça +100 kg-da Pälwan Gurbangeldiýew, gyrgyz göreşinde 84 kg-da Atageldi Tejendurdyýew, gazak göreşinde 60 kg-da Serdar Babamyradow, guştini milli kamarbandide +100 kg-da Begli Hojammaýew hem-de guleşde +100 kg-da Zyýamuhammet Saparow çykyş etdiler.
Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary 40-dan gowrak etnosport görnüşini öz içine alýar. Halkara sport ýaryşyna dünýäniň 109 döwletinden 3000-den gowrak türgen gatnaşýar.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde bu ýaryşlarda 14 türgen we 7 tälimçi çykyş edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.