Türkmenistanyň zenanlardan düzülen gandbol ýygyndysy Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «IHF Nations Trophy — 2026» halkara ýaryşynda ikinji orny eýeläp, kümüş medallara mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habaryna salgylanyp, Turkmenportal habar berýär.

Halkara gandbol federasiýasynyň (IHF) howandarlygynda geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň milli ýygyndylary gatnaşdy. Aziýanyň üçünji zolagyna wekilçilik eden toparlar ýaryşda aýlawly ulgam boýunça duşuşdylar.

Türkmenistanyň ýygyndysy dört duşuşygyň üçüsinde ýeňiş gazanmagy başardy. Türkmen gandbolçylary Pakistanyň ýygyndysyndan 38:19, Gyrgyzystanyň toparyndan 47:18, Täjigistanyň ýygyndysyndan bolsa 40:14 hasaplary bilen üstün çykdylar. Bu üç duşuşykda türkmen türgenleri garşydaşlarynyň derwezesine jemi 125 top geçirdiler.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy dört oýunda jemi 141 top geçirip, öz derwezesinden 72 top geçmegine ýol berdi. Toplaryň tapawudy 69-a deň boldy.

Birinji orny dört duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanan Özbegistanyň ýygyndysy eýeledi. Pakistanyň topary bolsa iki ýeňiş bilen üçünji orna mynasyp boldy.

Daşkentde gazanylan kümüş medal Türkmenistanyň zenan gandbolçylarynyň halkara ýaryşdaky üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.