
2025–2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigini yglan edýär:
Teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi
Stansiýa nobatçysy
Demirýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montajçy-elektromehanik
Wagonlary gözden geçiriji we abatlaýjy
Demirýollaryna hyzmat ediji we abatlaýjy ussa
Gündizki
Gaýybana (agşamky)
1,5 ýyl
Tölegli esasda
Resmi iş kagyzlary 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap kabul edilýär. Talyplyga dalaşgärler aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyr:
Direktor adyna ýazylan arza (bellenen nusgada)
Anketa (bellenen nusgada)
Orta bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy
Saglyk kepilnamasy (bellenen nusgada)
Öňki okan ýa-da işlän ýerinden, ýa-da harby bölümlerden häsiýetnama
3x4 sm ölçegdäki 6 sany fotosurat
Pasport nusgasy ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (eger pasport ýok bolsa)
Harby gullukdan geçenler üçin harby şahadatnama
Harby gulluk geçmedik oglanlar üçin ýazylş şahadatnamasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden kepil haty
Eger dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalansa, munuňy subut edýän goşmaça resminamalary hem görkezmeli.
Nädogry berlen maglumatlar we galplaşdyrylan resminamalar üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çeker.
Giriş synaglary 2025-nji ýylyň 27–28–29-njy awgustynda Türkmenabat şäherindäki Demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Türkmenabat şäheri, Soltan Sanjar köçesi, 27-nji jaý
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
8-00-422-5-75-24, 39-02, 28-98
Resminamalar goşmaça ýagdaýda 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Keywords