27-nji sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde, Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 700 töweregi okuwçy we talyp gatnaşan bu bäsleşigiň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler boldy.

Olimpiadada ýurdumyzyň ýedi ýokary okuw mekdebiniň on talyby gatnaşdy. Halkara gatnaşyklar, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ugurlary boýunça ýaryşan talyplar iki ýeňiji we alty baýrakly orna mynasyp boldular. Olar bu halkara bäsleşigiň dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmak, dostluk gatnaşyklaryny berkitmek hem-de kiberhowplardan goranmagyň döwrebap usullary boýunça pikir alyşmak üçin möhüm platforma bolandygyny bellediler.