
Demir ýol ummasyz, uzak möhletleýin, ygtybarly hyzmaty ýerine ýetirýän, müňlerçe tejribeli hünärmenleriň zähmet çekýän, dürli görnüşli edara-kärhanalary özünde jemleýän pudakdyr. Halk hojalygynyň we ilatyň ýük daşamaga bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, daşalýan ýükleriň saklanmagyny we olary ugradylýan ýerine öz wagtynda eltmegi üpjün etmek demir ýoluň esasy meseleleri bolup durýar.
Demir ýolda ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak işlerini ýerine ýetirmekde wagon hojalygy öndäki orunlaryň birini eýeleýär. Wagon hojalygynyň öňünde goýulýan talaplary doly ýerine ýetirmek üçün wagonlaryň hemişe abat ýagdaýda bolmagy zerur bolup durýar. Şonuň üçin wagon hojalygynda wagon gurluşyk zawodlary, wagon abatlaýyş depolary, wagonlara tehniki hyzmat ediş punktlary, wagonlary ýük daşamaga taýýarlaýyş bölümleri we beýleki desgalar hereket edýär.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan dolandyrylýan wagon hojalygy bölümi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän edara-kärhanalarynda alnyp barylýan we taslamalaşdyrylýan işlerini degişli meýilnamalar esasynda alyp barýar. «Polat ýollarda» gije-gündiz hyzmat edýän wagonlary abatlamakda önjeýli goşant goşýan «Türkmenabat ýük wagon abatlaýyş depo» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr işgärleri iş görkezijilerini has ýokary derejelere ýetirmegi maksat edinip, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýokary hilli, ygtybarly düzediş-abatlaýyş işlerini batly depginlerde alyp barýarlar.
«Türkmenabat ýük wagon abatlaýyş depo» hojalyk jemgyýeti tarapyndan meýilnama esasynda her ýyl müňlerçe wagona abatlaýyş, dürli tehniki hyzmat işleri edilýär. Ulgamyň abatlaýyş işinde meýilnama düzülende belli bir wagt aralygy boýunça ýerine ýetirilýän abatlaýyşlardan başga hem ulanyş wagtynda aralyk abatlaýyş işleri we wagonlary arassalamak, barlamak, ýaglamak, uzellerini sazlamak işleri hem göz öňünde tutulýar. Aralyk abatlaýyşda hatardan çykan detallar çalşylýar, ownuk näsazlyklar düzedilýär, käbir detallar bolsa abatlanylýar.
Niýetlenilişi, häsiýeti we ýerine ýetirýän işleriň göwrümi boýunça wagon abatlaýyş wagtynda wagonyň işe ukyplylygyny saklamaklyk üçin tehniki çäreleriň aşakdaky görnüşleri ulanylýar: – Tehniki barlaglar; – Aralyk abatlaýşy; – Depo abatlaýşy; – Zawod abatlaýşy.
«Türkmenabat ýük wagon abatlaýyş depo» hojalyk jemgyýetiniň esasy maksady demir ýolda hereket edýän ýük wagonlarynda abatlaýyş we bejeriş işlerini geçirmekden ybarat bolup, depo tarapyndan bellenen wagt aralygynda wagonlaryň degişli uzelleriniň we agregatlarynyň ýagdaýlaryny kesgitlemeklik üçin ýörite barlaglar geçirilýär (tigir jübütleriniň, buksalaryň barlagy we beýlekiler). Deponyň işjanly hünärmenleriniň irginsiz zähmetlerine netijesinde ýük wagonlary öz wagtynda abatlanylyp, halk hojalyk we dürli görnüşli ýükleri bellenen menziline ýetirmekde tiz, howpsuz we ynamdar hyzmaty ýerine ýetirýärler.
Geçen ýylyň görkezijilerine ser salanyňda, abatlaýşyň ähli görnüşlerini hasaba alanyňda jemi 2494 wagona hyzmat işleri amala aşyryldy. Ondan başga-da, 2025-nji ýylda wagonlara gerekli tehniki rezin önümleriniň 14613 sanysy taýýarlanyp ulanyşa iberildi. Üstümizdäki ýylyň 1-nji çärýeginde bolsa häzirden 933 wagona hyzmat edildi. Bu bolsa gaýra goýulmasyz, nusgalyk hyzmatyň aýdyň subutnamasydyr.
Wagon hojalygy demir ýol ulaglary pudagynyň möhüm ugry bolmak bilen milli ykdysadyýetimiziň ilerlemeginde uly orna eýedir. Bu günki gün bu ugur boýunça ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara ylym-bilim berlip, olaryň tejribe sapaklarynda nazaryýetde öwrenenlerini degişli şahamçalarda iş ýüzünde ýerine ýetirilişine şäýatlyk etmek arkaly özlerini barha kämilleşdirýärler. Munuň üçin giň mümkinçilikler döredilýär we wagon hojalygyny ösdürmek babatda uly işler ýola goýulýar.
Keywords