2026-njy ýylyň 5–10-njy noýabry aralygynda Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-Pri ýaryşynyň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçiriler. Bu barada Lebap.biz saýtynda habar berilýär.

Ýaryş «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde guralar. Bäsleşik küşt söýüjilerine öz başarnyklaryny görkezmäge, tejribe toplap, beýleki türgenler bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik döreder.

Ýaryşyň netijeleri boýunça öňdäki orunlary eýelän küştçülere Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň medallary, hormat hatlary we sowgatlary gowşurylar. Şeýle hem bäsleşigiň pul baýraklarynyň umumy gaznasy 10 müň manada deň bolar.

Ýaryşa gatnaşmak isleýänler hasaba alyş tertibi we goşmaça maglumatlar bilen şu baglanyşyk arkaly tanşyp bilerler.