«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda önümçiligiň ösüş depgini dowam edýär. Kärhanada 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda 222 million 724 müň manada golaý dürli görnüşli we ýokary hilli demir önümleri öndürildi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň 100,1 göterimden gowrak artandygyny görkezýär. Netijeler kärhananyň önümçilik kuwwatyndan netijeli peýdalanylýandygyny hem görkezýär.

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän kärhana häzirki wagtda ýurtda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerini zerur demir önümleri bilen üpjün edýän iri önümçilik merkezleriniň biridir.

Kärhanada öndürilýän önümleriň hiline aýratyn üns berilýär. Önümler degişli şertnamalara laýyklykda gurluşyk meýdançalaryna öz wagtynda we bökdençsiz iberilýär.

Önümçilikde zähmet çekýän hünärmenler döwrebap tehnologiýalardan we önümçilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly gurluşyk pudagynyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Şeýle hem önümçiligiň möçberini ýokarlandyrmak we täze iş netijelerini gazanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýylyň ilkinji sekiz aýynda gazanylan önümçilik netijeleri kärhananyň zähmet toparynyň öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda netijeli işleri dowam etdirýändigini görkezýär.