Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, döredijilik bilen meşgullanýan beýleki adamlaryň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.

Bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 36 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplygyň taryhy ähmiýetini, Watanyň halkara abraýyny, milli medeni mirasy we gadymy gymmatlyklary çeper eserlerde şöhlelendirýän zehinli döredijilik adamlaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem bäsleşik arkaly döredijilik işgärleriniň ussatlygyny höweslendirmek, türkmen edebiýatyny iri göwrümli eserler bilen baýlaşdyrmak we milli sungaty ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Karara laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenen ugurlar boýunça saýlanyp-seçiler. Şunuň bilen birlikde, birnäçe döredijilik bäsleşikleri hem yglan edildi. Olaryň hatarynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasyndaky «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem-de zehinli çagalaryň gatnaşmagyndaky «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary «Edebiýat we sungat» gazetinde dolulygyna çap ediler.