2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi güýje giriziler. Täze tertibe laýyklykda, birnäçe ugur boýunça uçuşlaryň ýygylygy artdyrylar.
Täzelenen tertip esasynda Aşgabatdan Günorta Koreýanyň paýtagty Seula amala aşyrylýan uçuşlaryň sany hepdede bir gezekden iki gezege ýetiriler.
Italiýanyň Milan şäherine howa gatnawlary hem köpeldiler. Ozal hepdede iki gezek ýerine ýetirilen uçuşlar indi üç gezege ýetiriler.
Russiýanyň Kazan şäherine uçuşlaryň sany hepdede dört gezekden alty gezege çenli artdyrylar. Şeýle hem Aşgabat — Stambul ugry boýunça gatnawlaryň ýygylygy ýokarlandyrylar. Ozal hepdede 12 gezek ýerine ýetirilen uçuşlar oktýabr aýynyň ahyryndan başlap 13 gezege ýetiriler.
Görkezilen ugurlar boýunça daşary ýurtlardan Aşgabada gaýdýan ýolagçy uçuşlary hem degişli tertipde amala aşyrylar.
Halkara howa gatnawlarynyň ýygylygynyň artdyrylmagy ýolagçylara bu ugurlar boýunça has amatly syýahat mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilendir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.