Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük gullugynyň arasynda hünär we tejribe alyşmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär.
2026-njy ýylyň 10–21-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili ilkinji gezek Malaýziýanyň Melaka şäherindäki Patyşalyk Gümrük akademiýasynda — AKMAL-da geçirilen halkara okuwyna gatnaşdy. «International Course for Senior Officer of Customs on Narcotics Identification and Narcotics Law Enforcement» atly okuw Malaýziýanyň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MTCP) çäklerinde geçirildi.
Okuwyň dowamynda neşe serişdelerini ýüze çykarmak we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, töwekgelçilikleri dolandyrmak, profilleşdirmek, derňew işlerini geçirmek hem-de gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmak bilen bagly meseleler öwrenildi.
Halkara okuwynyň esasy ugurlarynyň biri hem gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak we hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boldy. Türkmenistanyň wekili Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük gullugynyň iş tejribesi, halkara howa menzilinde we deňiz portlarynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, şeýle hem döwrebap tehnologiýalaryň ulanylyşy bilen tanyşdy.
Bu okuw Türkmenistanyň gümrük hünärmenleriniň halkara tejribesini baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň gümrük edaralarynyň arasynda göni hünär gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Halkara derejede geçirilýän şeýle okuwlar gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, täze usullary özleşdirmäge we serhetüsti jenaýatçylyklara garşy göreşde döwletleriň özara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge ýardam edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.