Türkmenistan bilen Özbegistanyň botanik alymlarynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça işler dowam edýär. Aşgabatda geçirilen duşuşykda ösümlik dünýäsine degişli maglumatlary sanly görnüşe geçirmek, Milli gerbariýiň gaznasyny döwrebap usulda öwrenmek hem-de ylmy maglumatlary halkara platformalaryna çykarmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň wekilleriniň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyna bolan saparynyň dowamynda iki ýurduň hünärmenleri ösümlik nusgalaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.
Duşuşygyň dowamynda gerbariý nusgalaryny degişli görnüşde işlemek, olaryň ylmy taýdan beýan edilişini kämilleşdirmek we halkara ylmy maglumatlar binýatlarynda ýerleşdirmek boýunça amaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümlik görnüşlerini hasaba almak, olaryň ýaýraýyş aýratynlyklaryny öwrenmek we Milli gerbariýiň gaznalary bilen bilelikde işlemek meselelerine aýratyn üns berildi.
Hünärmenleriň bellemegine görä, ösümlik dünýäsine degişli maglumatlaryň sanly görnüşde jemlenmegi ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Maglumatlaryň Global biodürlülik maglumat ulgamy (GBIF) ýaly halkara açyk platformalara goşulmagy alymlaryň dürli sebitlerde ösýän ösümlik görnüşleri barada maglumatlary has giňişleýin peýdalanmagyna şert döredýär.
Bu hyzmatdaşlygyň ähmiýeti Merkezi Aziýanyň tebigy şertleriniň we ekoulgamlarynyň özara baglanyşykly bolmagy bilen hem şertlendirilýär. Türkmenistan bilen Özbegistanyň çäklerinde Garagum we Gyzylgum çölleri, Aral deňziniň basseýni hem-de daglyk sebitler ýaly umumy tebigy giňişlikler bar. Şol sebäpli çölleşme, topragyň zaýalanmagy we howanyň üýtgemegi ýaly ekologiýa meseleleriniň öwrenilmeginde ýurtlaryň alymlarynyň bilelikdäki işleriniň möhüm ähmiýeti bardyr.
Ösümlik dünýäsi baradaky maglumatlaryň bitewi sanly ulgamda jemlenmegi sebitdäki ösümlik jemgyýetleriniň üýtgemelerini yzarlamaga, seýrek görnüşleri ýüze çykarmaga we gurak hem-de şorlaşan şertlere çydamly ösümlikleri öwrenmäge täze mümkinçilikler açar. Şeýle ylmy maglumatlar tebigy baýlyklary goramak, çölleşmä garşy göreşmek we serhetýaka ýerleri ýaşyl zolaklara öwürmek boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda hem peýdalanylyp bilner.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň botanikleriniň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýanyň ösümlik biodürlüligini öwrenmek, ylmy maglumatlary halkara derejesinde elýeterli etmek hem-de sebitde ekologiýa taýdan durnukly ösüşi goldamak babatda möhüm ädimleriň biri bolup durýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.