2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda parahatçylyk medeniýetini ösdürmekde zenanlaryň ornuna bagyşlanan ýokary derejeli forum geçirildi.

«Parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde zenanlaryň liderligi» atly çäre Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbokuň başlangyjy bilen, Baş Assambleýanyň 80/294 belgili «Parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnama we Hereketler maksatnamasy bilen bagly işleriň dowam etdirilmegi» atly Kararnamasyna laýyklykda geçirildi.

Ýokary derejeli duşuşyga BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary, ÝUNESKO-nyň wekilleri, parahatçylygy berkitmek boýunça halkara derejesinde tanalýan şahsyýetler hem-de BMG-niň agza döwletleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew «Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary» toparynyň adyndan hem-de milli derejede çykyş etdi.

Çykyşda parahatçylyk medeniýeti bilen bitaraplyk syýasatynyň arasynda ýakyn arabaglanyşygyň bardygyna üns çekildi. Bu ýörelgeleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/294 belgili Kararnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen 80/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasynda öz beýanyny tapýandygy bellenildi.

Forumdaky çykyşda zenanlaryň öňüni alyş diplomatiýasyna, parahatçylyk gepleşiklerine we irki duýduryş ulgamlaryna işjeň gatnaşmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle-de zenan araçylary, parahatçylygy berkitmäge goşant goşýan zenanlary we olaryň ýolbaşçylygyndaky guramalary goldamagy güýçlendirmek meselelerine üns berildi.

Türkmenistanyň forumda gatnaşmagy ýurdumyzyň BMG-niň çäklerinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini, öňüni alyş diplomatiýasyny hem-de bitaraplyk ýörelgesiniň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýetini öňe sürmek boýunça alyp barýan işleriniň dowamydyr.