Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary däl-de, döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň agza döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň VIII sammitiniň umumy mejlisine gatnaşdy. Halkara duşuşyk Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani, Mozambigiň Prezidenti Daniel Şapu, Ekwatorial Gwineýanyň Prezidenti Teodoro Obiang Ngema Mbasogo hem-de Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň başlygy Muhammed al-Menfi gatnaşdy.
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga, dünýä gaz bazarynyň ýagdaýyna baha bermäge we onuň ösüş ugurlaryny seljermäge gönükdirilen hökümetara guramadyr. Onuň düzümine Alžir, Boliwiýa, Müsür, Ekwatorial Gwineýa, Eýran, Liwiýa, Nigeriýa, Katar, Russiýa, Trinidad we Tobago, Birleşen Arap Emirlikleri hem-de Wenesuela ýaly döwletler girýär.
Forum mundan 25 ýyl ozal gaz bazary boýunça bilermenleriň pikir alyşmagy, pudagyň ösüş meýillerini öwrenmegi we geljekki ugurlary çaklamagy üçin seljeriş meýdançasy hökmünde döredilipdi. Şondan bäri gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda açyk dialogy ösdürmek, bazara degişli maglumatlary alyşmak we gaz pudagynyň ösüşine täsir edýän ýagdaýlara bilelikde baha bermek onuň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Forumyň işiniň ähmiýeti onuň agza döwletleriniň dünýä gaz bazaryndaky ornunda-da görünýär. Bu ýurtlaryň paýyna dünýäniň tebigy gaz gorlarynyň takmynan 70 göterimi we tebigy gaz eksportynyň 40 göterime golaýy düşýär.
Türkmenistanyň sammite gatnaşmagy halkara gaz hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, dünýä energetika bazaryndaky meýilleri öwrenmek we gaz pudagynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmak üçin möhüm mümkinçilik bolup durýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.