Türkmenistan noýabr aýynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriljek Hytaýyň Halkara import sergisinde (CIIE) milli pawilýon bilen çykyş eder. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew taýýarlyk işleri hakynda hasabat berende habar berdi. Bu barada TDH mälim edýär.
Milli pawilýonda Türkmenistanda öndürilýän we dünýä bazarlaryna eksport edilýän harytlar görkeziler. Şeýle hem Türkmenistanyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça mümkinçilikleri, milli medeni mirasy bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.
Serginiň çäklerinde türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Forumyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermegine garaşylýar.
Hasabaty diňlän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergide ýurdumyzyň ýokary derejede we mynasyp wekilçilik edilmegini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.