Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji awgustda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherindäki «Bişkek Arena» stadionynda geçirilen VI Bütindünýä Göçme halklaryň oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Açylyş dabarasyna Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, şeýle hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza we hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy. Çärä Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi hem gatnaşdylar.
Bütindünýä Göçme halklaryň oýunlarynyň şu ýylky ýaryşlaryna dünýäniň 106 ýurdundan 2355 türgen, tälimçi we wekiliýet agzasy gatnaşýar. Ýaryşlaryň maksatnamasyna 40-dan gowrak milli sport görnüşi girizildi.
VI Bütindünýä Göçme halklaryň oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli Gyrgyzystanda geçirilýär. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary Bişkek şäherinde, esasy ýaryşlar bolsa Yssyk-Kul sebitinde guralýar.
Ýaryşlaryň maksatnamasynda türkmen milli göreşi hem orun alýar. Bu halkara sport çäresi dürli halklaryň milli däplerini, medeniýetini we sport mirasyny dünýä derejesinde wagyz etmek bilen birlikde, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.