Türkmenistanda pagta ýygym möwsüminiň öňüsyrasynda Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) çagalaryň we mejbury zähmetiň öňüni almaga gönükdirilen üç aýlyk maglumatlandyryş kampaniýasy tamamlandy. Geçirilen okuw we düşündiriş çärelerine ýurduň 35 etrabyndan 1,5 müňe golaý adam gatnaşdy.
Bu başlangyç HZG tarapyndan milli gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlykda, Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen geçirildi.
12-nji iýundan 12-nji awgusta çenli dowam eden maksatnamanyň çäklerinde milli we ýerli derejede jemi 15 çäre guraldy. Olaryň hatarynda hünär mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw maslahaty, welaýatlarda we etraplarda geçirilen 13 maglumatlandyryş duşuşygy hem-de jemleýji maslahat bar.
Sebitleýin duşuşyklar Tejen, Gökdepe, Ak bugdaý, Kerki, Saýat, Türkmenabat, Mary, Ýolöten, Baýramaly, Daşoguz, Akdepe, Köneürgenç we Gyzylarbat şäherlerinde we etraplarynda geçirildi. Şeýle hem çärelere ýene-de 20 etrapdan wekiller gatnaşdy.
Duşuşyklara ýerli häkimiýetleriň, degişli ministrlikleriň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, daýhan birleşikleriniň, şeýle hem iş berijileriň we işgärleriň guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Okuwlaryň dowamynda çagalaryň we mejbury zähmetiň alamatlaryny ýüze çykarmagyň hem-de olaryň öňüni almagyň usullaryna aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar kanun tarapyndan rugsat berilýän ýeňil zähmet bilen çagalaryň gatnaşmagy gadagan edilen zähmetiň arasyndaky tapawutlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çagalaryň her ýyl geçirilýän pagta ýygymyna çekilmeginiň gadagandygy barada düşündirişler berildi.
Çärelerde pagta ýygymynda adamlary mejbury zähmete çekmegiň öňüni almak we bu tejribäni aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi. Islendik zähmetiň meýletin esasda, howpsuz şertlerde we jezalandyrmak howpy bolmazdan amala aşyrylmalydygy nygtaldy.
HZG-niň Türkmenistandaky taslama ýolbaşçysy Oksana Lipkanu maglumatlandyryş işleriniň çagalaryň howply zähmetden goralmagynda we ulularyň meýletin hem-de howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilmeginde möhüm öňüni alyş serişdesi bolup durýandygyny belledi.
Duşuşyklar Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň iş toparynyň agzalary bilen bilelikde geçirildi.
Kampaniýanyň netijeleri boýunça ýerlerde düşündiriş işlerini dowam etdirmegiň we degişli amaly maglumat serişdelerini taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.
Geçirilen çäreler HZG-niň 2026–2027-nji ýyllara niýetlenen, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamasynyň bir bölegidir. Maksatnama zähmet ulgamyndaky döwlet syýasatyny goldamak bilen bir hatarda, pagta önümçiliginde mynasyp zähmet şertlerini ösdürmäge gönükdirilen ýerli başlangyçlary hem öz içine alýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.