Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda daşky gurşawa düşýän agramy azaltmaga we energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen döwrebap çözgütleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şol ugurlaryň biri energiýa sarp edilişi örän pes bolan, «ýaşyl» standartlara laýyk gelýän binalary taslamakdyr.
Bu görnüşli desgalarda ýylylyk izolýasiýasynyň ýokary derejesi, akylly yşyklandyryş we howa çalşygy ulgamlary, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri peýdalanylýar. Netijede binanyň daşardan ýylylyk we elektrik energiýasyna bolan zerurlygy azalýar. Şeýle çözgütler ýaşaýyş we iş şertleriniň amatly bolmagyna ýardam etmek bilen bir hatarda, uglerod zyňyndylaryny azaltmaga hem mümkinçilik berýär.
Döwrebap gurluşyk tehnologiýalaryny üstünlikli ulanmagyň möhüm şertleriniň biri hünärmenleri taýýarlamakdyr. Şu maksat bilen 2–4-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda energiýa netijeliligi we energiýa sarp edilişi nola golaý binalar boýunça ýörite okuw-seminarlary geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça halkara düzümleri bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralan okuwlaryň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmenistanyň döwlet arhitektura-gurluşyk instituty saýlandy. Seminarlara ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar «ýaşyl» binalary halkara derejede sertifikatlaşdyrmagyň esasy ölçegleri, energiýa tygşytlaýan gurluşyk serişdelerini ulanmagyň aýratynlyklary we ýerli howa şertlerinde döwrebap inženerçilik ulgamlaryny netijeli peýdalanmagyň usullary bilen tanyşdylar.
Türkmenistan üçin bu çemeleşmeleriň amaly ähmiýetini görkezýän mysallaryň biri hem Türkmenistanyň döwlet arhitektura-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumydyr. 1-nji sentýabrda toplumyň açylyş dabarasynda oňa halkara derejeli alty sany «Ýaşyl sertifikat» gowşuryldy. Bu resminamalar desgalaryň ýokary ekologik talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Energiýa netijeli binalaryň gurluşygynyň ösdürilmegi geljekde şäherleriň infrastrukturasyny has döwrebaplaşdyrmaga, energiýa serişdelerini tygşytlamaga we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen şäher gurluşyk çözgütleriniň giňden ornaşdyrylmagyna şert döredip biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.