Türkmenistandaky Fransuz instituty fransuz dilini öwrenmek isleýänler üçin güýzki okuw möwsümine ýazyllygyň başlanandygyny habar berdi. Başlangyç derejedäki A1 toparlarynda sapaklar 21-nji sentýabrda başlar.
Okuw maksatnamasy fransuz dilini noldan öwrenmek isleýänlere, bar bolan bilim derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýänlere hem-de halkara dil synaglaryna taýýarlanýanlara niýetlenendir. Sapaklar hünärli mugallymlar tarapyndan häzirki zaman interaktiw usullaryň kömegi bilen geçirilýär.
Okuwlara ýazylmak eýýäm açyk bolup, resminama tabşyrmak we goşmaça maglumat almak üçin institutyna duşenbe–anna günleri sagat 14:00-dan 19:00-a çenli ýüz tutup bolýar.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Aga Garryýew köçesi, 69-njy jaý.
Telefonlar: (+993 12) 36-83-70, 36-83-71, 36-83-72.
E-poçta: ift.secretaire@gmail.com.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.