Türkmenistanda noýabr aýynda däp bolan güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri başlandy. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri öňki ýyllarda döredilen tokaý zolaklarynyň ýagdaýyny öwrenýärler, agaçlaryň ösüşine baha berýärler we täze nahallary oturtmak üçin meýilnamalary taýýarlaýarlar.

Bu işler 2030-njy ýyla çenli döwri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Ýurtda köpçülikleýin bag ekmek çäreleri 1998-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilýär.

Şu ýylky möwsümde ýaprakly agaçlara, şol sanda miweli agaçlara we üzüme aýratyn üns berler. Şeýle-de dag ösümliklerini, ýagny türkmen arçasyny, hakyky pissäni, badamy, kawkaz karkasyny we kerkawy ekmek meýilleşdirilýär.

Esasy bag ekmek işleri şäherleriň eteklerinde we dag eteklerinde, goraghanalaryň gorag zolaklarynda, şeýle hem çöl we sähra ýerlerinde, oazislerde hem-de derýalaryň kenarýaka zolaklarynda geçiriler.

Hünärmenleriň bellemegine görä, tokaý zolaklaryny döretmek çölleşmä garşy göreşmäge, topragy we çyglylygy saklamaga, sil suwlarynyň öňüni almaga hem-de biodürlüligi gorap saklamaga ýardam edýär.

Ekiljek ähli nahallar ýurduň özünde ösdürilip ýetişdirilýär. Uly nahalhanalar Ahal welaýatynyň Sarahs, Tejen we Baharly etraplarynda ýerleşýär. Bu ýerlerde nahallary göçürip oturtmak wagtynda kökleriniň zeperlenmek howpuny azaldýan konteýner tehnologiýasy ulanylýar.

Bag ekmek we tokaý zolaklaryny döretmek işlerine ylmy taýdan goldawy Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty berýär. Alymlar agaç görnüşlerini saýlap almak we nahallary ekmäge taýýarlamak boýunça maslahatlary işläp düzdüler. Şeýle-de ekologiýa ulgamlarynyň ýagdaýyna baha bermek üçin hemra suratlaryndan peýdalanylýar.