Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa meýdançasynyň hünärmenleri metan zyňyndylaryny toprak örtüginiň özünde netijeli zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýän täze nesil biopreparatyny işläp düzdüler.
Täze işläp taýýarlama himiýa ylymlarynyň doktory, habarçy-agza Durdymyrat Gadamyň ýolbaşçylygynda hem-de biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň gatnaşmagynda amala aşyryldy.
Biopreparatyň esasy aýratynlygy onuň düzüminde sebitde tebigy ýagdaýda duş gelýän we ýerli howa şertlerine uýgunlaşan metany oksidleýji bakteriýalaryň ştammlarynyň ulanylmagydyr. Bu mikroorganizmleriň düzümindäki metanmonooksigenaza fermenti metany tebigy taýdan has howpsuz bolan kömürturşy gazyna we suwa öwürýär.
Alymlar janly mikrob medeniýetleriniň ulanylmagyny ýeňilleşdirmek maksady bilen olary ýerli we elýeterli çig mallardan taýýarlanan ýörite gorag mikro gurşawy bilen birleşdiripdirler. Şeýle çemeleşme biopreparatyň ýerli şertlerde ulanylmagyna mümkinçilik berýär.
Metan atmosferada howanyň üýtgemegine täsir edýän esasy gazlaryň biridir. Onuň atmosferadaky köp mukdarda ýygnanmagy tebigy ekoulgamlara ýaramaz täsir edip, daşky gurşaw we adam saglygy üçin töwekgelçilikleri döredýär. Şonuň üçin metan zyňyndylaryny azaltmak häzirki döwürde ekologiýa we energetika pudaklarynda möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Täze biopreparatyň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda senagat taýdan ýüklenen zolaklarda metany ýerli derejede zyýansyzlandyrmakda netijeliligi, tygşytlylygy we import edilýän serişdeleriň ornuny ýerli çig mal bilen çalşyp bilmegi görkezilýär. Şeýle hem işläp taýýarlamanyň adamlar, haýwanlar we daşky gurşaw üçin zäherli däldigi bellenilýär.
Türkmenistanyň alymlarynyň bu işläp taýýarlamasy ýurduň daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş boýunça alyp barýan işleriniň çäginde möhüm ylmy-amaly ädimleriň biri hökmünde çykyş edýär. Metan zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen şeýle innowasion çözgütler, aýratyn-da, energetika pudagynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.