Türkmenistanda ýaşaýan 16–25 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin suw serişdelerini jogapkärli peýdalanmaga bagyşlanan «EcoWaves» taslamasynyň ilkinji tapgyryna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy. Bu barada TheWaterFloor ýaşlar taslamasy habar berdi.

Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň çäklerinde 9–16-njy noýabr aralygynda üç sany onlaýn seminar geçiriler. Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar suw serişdelerini dolandyrmagyň esasy ýörelgeleri, gündelik durmuşda suwy tygşytly peýdalanmagyň usullary hem-de bu ugurda ýaşlaryň tutýan orny barada bilim alarlar. Şeýle-de maksatnama amaly sapaklary we suw hojalygy boýunça ýerli hünärmenler bilen bilelikde işlemegi öz içine alýar.

Seminarlara gatnaşmak isleýän dalaşgärler 16–25 ýaş aralygynda bolmaly, Türkmenistanda ýaşamaly, iňlis dilini ýokary derejede bilmeli we onlaýn okuw sapaklaryna gatnaşmak üçin tehniki mümkinçilikleri bolmaly.

Taslamanyň indiki tapgyrynda hünärmenleriň gatnaşmagynda ýüzbe-ýüz görnüşde podkast geçirmek, şeýle hem gatnaşyjylaryň özara tejribe alyşmagy we pikirdeşleri bilen aragatnaşyk gurmagy meýilleşdirilýär.

«EcoWaves» taslamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) goldawy bilen Ýaşlaryň howa boýunça tomusky mekdebiniň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Taslama ýaşlaryň suw serişdelerini goramak we olary rejeli peýdalanmak boýunça düşünjelerini ösdürmäge, şeýle hem bu ugurda işjeň gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirilendir.