Türkmenistanda algoritmiki programmirlemek boýunça geçiriljek RuCode 2026 halkara olimpiadasyna gatnaşmak üçin hasaba alyş başlandy. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda geçirilip, ol Russiýanyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ministrligi bilen «Baky Tylla» bilim merkeziniň hyzmatdaşlygynda guralýar.
Olimpiada mekdep okuwçylaryny, talyplary we IT ulgamynda işleýän hünärmenleri öz içine alýar. Bäsleşik toparlaýyn görnüşde geçirilip, her toparda birden üçe çenli gatnaşyjy bolup biler.
Gatnaşyjylar taýýarlyk derejesine görä üç ugurdan birini saýlap bilerler: A–B derejeler tejribeli programmistler üçin, C–D esasy algoritmleri bilýän gatnaşyjylar üçin, E–F bolsa programmirlemä täze başlanlar üçin niýetlenendir.
Türkmenistanda iň gowy netijeleri görkezen gatnaşyjylara dekabr aýynda Moskwada geçiriljek uly finala gatnaşmak üçin ýörite çakylyk berler. Olimpiadanyň geçen ýylky tapgyry gatnaşyjylaryň sany boýunça Russiýanyň rekordlar kitabyna girizilipdi.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere ýerleriň çäklidigi sebäpli öňünden hasaba durmak maslahat berilýär. Hasaba alyş we giňişleýin maglumatlar RuCode-nyň resmi saýtynda elýeterlidir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.