
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa Mindanao adasynda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi habar berilýär. Şu agyr pursatda Türkmenistanyň döwlet Baştutany özüniň hem-de tutuş türkmen halkynyň adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öz hatynda ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg edip, Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň bu kyn günlerde Filippinleriň halky bilen ruhy taýdan bilelikdedigini nygtady.
Keywords