Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Lýanýungang şäherinde geçirilýän Jemgyýetçilik howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ählumumy forumyň 2026-njy ýyldaky maslahatyna gatnaşýar.
9-njy sentýabrda başlan forumyň esasy iş ugurlarynyň biri migrasiýany dolandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen kiçi forum boldy. Türkmenistanyň hünärmenleri bu çäräniň çäklerinde migrasiýa ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek we häzirki zaman tehniki çözgütlerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Hytaýyň Döwlet migrasiýa işleri boýunça dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşdylar. Gepleşiklerde iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, şeýle hem migrasiýa ulgamynda tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar migrasiýa işleriniň sanlylaşdyrylmagy, elektron resminama dolanyşygyna geçilmegi we raýatlara döwlet hyzmatlarynyň has çalt hem-de ýokary hilli ýetirilmegini üpjün edýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşdylar.
Jemgyýetçilik howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen halkara foruma 139 ýurtdan we halkara guramalaryndan 2100-den gowrak wekil gatnaşýar. Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde kiberhowpsuzlyk, transmilli jenaýatçylyga garşy göreş, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we beýleki möhüm ugurlar boýunça sekiz sany tematiki kiçi forum geçirilýär.
11-nji sentýabra çenli dowam etjek forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hünärmenleri howpsuzlyk ulgamynda ulanylýan ýöriteleşdirilen enjamlaryň sergisi bilen hem tanyşarlar. Şeýle hem migrasiýa syýasatynyň ösüş ugurlaryny öz içine alýan sebit hasabatynyň kabul edilmegine garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.