Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde umumybilim berýän mekdeplerde güýzki dynç alyş günleri dowam edýär. Okuwçylaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklaryny, döredijilik ukyplaryny ösdürmeklerini we medeni dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerini maksat edinýän ýörite maksatnama laýyklykda dürli çäreler guralýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan maksatnamanyň çäklerinde mekdep okuwçylary döredijilik we zehin bäsleşiklerine gatnaşýarlar, muzeýlere, kitaphanalara hem-de konsert merkezlerine gezelenç edýärler. Bu çäreler çagalaryň dynç alyş günlerini gyzykly we peýdaly geçirmeklerine mümkinçilik döredýär.

Güýzki dynç alyş döwründe mekdeplerde okuwçylaryň bilimlerini we intellektual başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly döredijilik bäsleşigi, ders olimpiadalary we halkara derejeli taslama bäsleşikleri bar. Okuwçylar şeýle çäreleriň üsti bilen öz zehinlerini açyp görkezýärler, täze bilimleri özleşdirýärler we dürli ugurlarda başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary hem dynç alyş maksatnamasynyň möhüm bölegini düzýär. Dürli sport görnüşleri boýunça guralýan bäsleşikler ýaşlaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegine we topar bolup hereket etmek endiklerini ösdürmegine ýardam berýär.

Şeýle hem edebiýaty söýýän okuwçylar üçin şygryýet agşamlary we edebi duşuşyklar geçirilýär. Olar özleriniň halaýan goşgularyny okaýarlar, ýazan eserlerini deň-duşlary bilen paýlaşýarlar we biri-biriniň döredijiligi bilen tanyşýarlar. Munuň özi çagalaryň çeper söz sungatyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, sözleýiş medeniýetini we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge şert döredýär.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde okuwçylar şäher kitaphanalaryna hem baryp görýärler. Kitaphana işgärleri olary dürli kitaplar bilen tanyşdyryp, eserleriň mazmuny we awtorlaryň döredijiligi barada gürrüň berýärler. Şeýle duşuşyklar çagalaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmakda we özbaşdak okamak endiklerini kemala getirmekde ähmiýetlidir.

Okuwçylar amaly-haşam sungaty muzeýlerine guralýan gezelençleriň dowamynda türkmen halkynyň taryhy, milli däp-dessurlary we dürli döwürlerde kemala gelen ýaşaýyş medeniýeti bilen tanyşýarlar. Muzeý hünärmenleri sergide görkezilýän gymmatlyklaryň taryhy, aýratynlyklary we halkymyzyň geçmişi bilen baglanyşygy barada giňişleýin maglumat berýärler.

Mundan başga-da, ýaşlar ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän döwrebap sergileri synlamaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle çäreler olaryň Watana bolan buýsanjyny artdyrmak, milli mirasa hormat goýmak we taryhy-medeni gymmatlyklary öwrenmek babatdaky düşünjelerini giňeltmek üçin ähmiýetlidir.

Güýzki dynç alyş günlerinde guralýan bilim, sport we medeni çäreler okuwçylaryň wagtyny manyly geçirmekleri bilen bir hatarda, olaryň zehinini, döredijilik ukyplaryny we şahsy başarnyklaryny ösdürmäge hem hyzmat edýär. Şeýle çäreler ýaş nesliň sazlaşykly terbiýelenmegine we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine ýardam berýär.