Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Ýemen, Gyrgyzystan, Mongoliýa we Demirgazyk Mariana adalarynyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Saýlama tapgyrynyň bije çekilişi Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) binasynda geçirildi. Oňa jemi 35 ýygyndy gatnaşyp, olar bäş toparly ýedi topara bölündi.

Türkmenistanyň ýygyndysy «F» toparynda ýerleşdirildi. Bu toparyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 8–20-nji noýabry aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde bir aýlaw görnüşinde geçiriler.

Türkmen futbolçylary saýlama ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 8-nji noýabrda ýaryşy kabul edýän Gyrgyzystanyň ýygyndysyna garşy geçirer. 14-nji noýabrda ikinji tapgyrda Mongoliýanyň ýetginjekleri bilen duşuşyk meýilleşdirilýär. 17-nji noýabrda Demirgazyk Mariana adalarynyň ýygyndysy bilen oýnajak türkmenistanly futbolçylar saýlama tapgyryndaky soňky duşuşygyny 20-nji noýabrda Ýemene garşy geçirer.

Saýlama tapgyrynyň beýleki toparlary hem belli edildi. «A» toparynda Indoneziýa, Mýanma, Owganystan, Filippinler we Kamboja ýerleşdi. «B» toparyna Taýland, Yrak, Gonkong, Hytaý Taýpeýi we Maldiwler düşdi.

«C» toparynda Birleşen Arap Emirlikleri, Bangladeş, Siriýa, Butan we Makaonyň ýygyndylary çykyş eder. «D» toparyna Eýran, Laos, Iordaniýa, Pakistan we Şri-Lanka girýär. «E» toparynda Hindistan, Malaýziýa, Palestina, Singapur we Guam ýerleşdi. «G» toparyny bolsa Oman, Kuweýt, Bahreýn, Liwan we Bruneý düzýär.

Saýlama tapgyrynyň netijesinde ýedi toparyň ýeňijisi Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýaryşyň jemleýji bölegi 2027-nji ýylyň 12–29-njy maýy aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Final tapgyrynda saýlama ýaryşyndan gelen ýedi topar FIFA-nyň 2026-njy ýyldaky U17 dünýä çempionatynyň netijeleri esasynda öňünden gatnaşmak hukugyny alan dokuz ýygyndynyň hataryna goşular. Olaryň arasynda Awstraliýa, Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Katar, Saud Arabystany, Täjigistan, Özbegistan we Wýetnam bar. Ýaponiýanyň ýygyndysy Aziýanyň häzirki çempiony hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň U17 ýygyndysyny Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryna baş tälimçi Azat Muhadowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler topary taýýarlaýar. Türkmen ýygyndysy onuň ýolbaşçylygynda şu ýylyň aprel aýynda Özbegistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda bäş toparyň arasynda dördünji orny eýeledi.