Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar we sanly ykdysadyýet boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň wekilleriniň Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynda geçiren duşuşygynda esasy üns merkezinde boldy.

Duşuşykda Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyryş departamentiniň wekili Muhammed Amir Malik bilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasynda IT ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Pakistanyň wekillerine ýurduň ykdysadyýetini, döwlet dolandyryşyny we durmuş ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada maglumat berdi. Şeýle-de maglumat tehnologiýalary infrastrukturasyny ösdürmek, telekommunikasiýalar, elektron hökümet we sanly hyzmatlar boýunça tejribe alyşmagyň iki ýurt üçin hem bähbitli bolup biljekdigi bellenildi.

Taraplar IT pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, sanly tehnologiýalar, aragatnaşyk ulgamlary we elektron döwlet hyzmatlary boýunça tejribe alyşmak hem-de hünärmenleriň arasynda gatnaşyklary ösdürmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara ähmiýetli çäreler we taslamalar barada hem maglumat berildi. Şolaryň hatarynda sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halk Maslahatynyň mejlisi hem-de 4–6-njy sentýabrda Niderlandlarda ilkinji gezek geçiriljek ahalteke atçylyk sporty boýunça dünýä çempionaty aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar halkara platformalarynda iki döwletiň başlangyçlaryny özara goldamaga we maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda IT we telekommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi iki ýurduň sanly özgertmeler boýunça tejribesini birleşdirmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de tehnologik gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berip biler.