Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 17–19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

Häzirki wagtda giň gerimli çärä taýýarlyk işleri dowam edýär. Sergide Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler we önümçilik kuwwaty görkeziler. Şeýle hem nebitgaz pudagyna degişli taslamalara we gazanylan netijelere aýratyn orun berler.

Çäräniň dowamynda türkmen telekeçileriniň önümçilik we işewürlik ugurlaryndaky üstünlikleri hem köpçülige hödürlener. Sergä gelýänler ýerli önüm öndürijileriň täze önümleri, hyzmatlary we durmuşa geçirilýän taslamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Sergi Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna çenli geçen döwürde milli ykdysadyýetiň ösüşiniň netijelerini giňden görkezmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň häzirki ykdysady we önümçilik mümkinçiliklerini tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüler.

Çäräniň ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň gazananlaryny, täze önümçilik mümkinçiliklerini we hususy pudagyň ösüşini bir ýerde jemläp görkezmegine garaşylýar.