
ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda Ak tamyň öňündäki meýdançada UFC ýaryşy üçin ýörite arena gurmak işleri güýçli depginde dowam edýär. Guramaçylar tarapyndan oturdylýan tribunalar, metal gurluşlar we oktagon meýdançasy bu çäräniň adaty sport ýaryşyndan has giň ähmiýete eýe boljakdygyny görkezýär.
14-nji iýunda geçiriljek UFC Freedom 250 turniri professional sport taryhynda täze sahypa açar. Sebäbi ilkinji gezek ýokary derejeli professional sport çäresi gönüden-göni Ak tamyň çäginde geçiriler. Bu başlangyç diňe bir sport jemgyýetçiliginiň däl, eýsem syýasy we jemgyýetçilik toparlarynyň hem ünsüni özüne çekýär.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ozal bu turniri «UFC-niň iň köp garaşylýan wakasy» diýip häsiýetlendiripdi. Gijäniň esasy söweşleriniň biri braziliýaly Aleks Pereýra bilen fransiýaly Siril Ganyň arasynda agyr agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk ugrunda bolar. Şeýle hem ýeňil agramyň öňdebaryjy ýyldyzlary Ilia Topuriýa bilen Jastin Getji oktagonda güýç synanyşar.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýtyň maglumatlaryna görä, arenanyň içinde takmynan 4300 tomaşaçy ýerleşdiriler. Olaryň aglabasy harby gullukçylar bolar. Mundan başga-da, Ak tamyň golaýyndaky Ellipse seýilgähinde gurnalan uly ekranlaryň üsti bilen 85 müň töweregi adam turnire mugt tomaşa edip biler.
Çäräniň ýene bir aýratynlygy bolsa bilet syýasaty bilen baglydyr. Köpçülikleýin satuw göz öňünde tutulmaýar. Habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, çäklendirilen VIP paketleriň bahasy 1,5 million amerikan dollaryna çenli ýetip biler.
Synçylar UFC Freedom 250 turniriniň sport, syýasat we köpçülikleýin medeniýetiň özboluşly utgaşmasyna öwrülýändigini belleýärler. Şeýlelikde, Ak tamyň fonunda geçiriljek bu ýaryş diňe bir çempionlary kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem dünýä sport taryhynda ýatda galyjy wakalaryň biri hökmünde hasaba alnyp biler.
Keywords