Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözlegler agentligi (JAXA) H3 göteriji raketasynyň kömegi bilen MMX kosmos enjamyny üstünlikli uçurdy. Missiýa üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda Marsyň tebigy hemralaryndan alnan toprak nusgalary ilkinji gezek Ýerdäki barlaghanalara getiriler.
Missiýanyň meýilnamasyna görä, MMX enjamy ilki Marsyň iki hemrasynyň biri bolan Deýmosa tarap ugrap, ony öwrenýär. Soňra kosmos enjamy Fobosyň golaýyna baryp, onuň orbitasyna girer. Şondan soň Fobosyň ýüzüne toprak nusgalaryny ýygnamaga niýetlenen ýörite hereketlendiriji robot — rower düşüriler.
Fobosyň ýüzüne gonmak tehniki taýdan çylşyrymly wezipe hasaplanýar. Munuň sebäpleriniň biri hemranyň diametriniň takmynan 22,5 kilometre deň bolmagydyr. Şeýle-de onuň özüne çekiş güýji örän gowşak, golaýynda ýerleşýän Mars planetasynyň bolsa has güýçli agyrlyk güýji bar. Bu ýagdaýlar kosmos enjamynyň hereketini dolandyrmagy we ýüzüne howpsuz gonmagy kynlaşdyrýar. Bu barada BBC habar berýär.
Şu wagta çenli Marsyň hemralaryndan toprak nusgalaryny Ýere getirmek başartmady. Meýilnama laýyklykda, Fobosyň ýüzünden ýygnalan tozan we beýleki maddalar ýerleşdirilen ýörite kapsula 2031-nji ýylda Ýere gaýdyp gelmelidir. Alymlar takmynan 10 gram madda almagy maksat edinýärler.
Hünärmenleriň pikirine görä, şeýle mukdardaky nusga Fobosyň himiki düzümini öwrenmäge we onuň, şeýle hem Marsyň beýleki hemrasynyň gelip çykyşyny anyklamaga ýardam edip biler.
MMX Mars bilen bagly ilkinji kosmos missiýasy däldir. 2021-nji ýyldan bäri «Perseverance» roweri Marsyň ýüzüni öwrenýär we ylmy barlaglar üçin nusgalary ýygnaýar. Olary Ýere getirmek üçin «Mars Sample Return» maksatnamasy meýilleşdirilipdi, emma maksatnamanyň maliýeleşdirilmegi togtadyldy.
Ýaponiýanyň MMX missiýasy bolsa Marsyň hemralarynyň gelip çykyşyny we gurluşyny öwrenmekde täze ylmy maglumatlary almaga mümkinçilik döretmegi maksat edinýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.