Ýewropa yklymy häzirki wagtda uly möçberli we howply tokaý ýangynlary möwsüminden geçýär. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝEIK) maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň başyndan bäri Ýewropada 434 müň gektardan gowrak tokaý meýdany ýanyp kül boldy.

Iň köp zyýan çeken sebitleriň biri hökmünde Fransanyň Žironda welaýaty belläp geçilýär. Ol ýerde 42 müň gektara golaý garamalyk tokaý ýanyp, müňlerçe ýaşaýjylar we syýahatçylar howpsuz ýerlere göçürildi. Şeýle hem Ispaniýada soňky onlarça ýyldaky iň agyr ýangyn möwsümi döräp, ýangyna duçar bolan meýdanlar 200 müň gektardan aşdy. Ýewropa Bileleşigi howanyň ýokary gyzgynlygy, guraklyk we güýçli ýeller sebäpli awgust aýynyň bаşynda Gresiýa hem-de Italiýa ýaly ýurtlarda howp abanmagynyň mümkinçiligini duýdurýar.

Hünärmenleriň aýtmaklarna görä, ýangynlaryň 90 göterime golaýy adam faktory bilen baglydyr. Şoňa görä-de, ilatyň ekologiýa sowatlylygyny ýokarlandyrmak, irki ýüze çykaryş ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de tokaýlary durnukly dolandyrmak ýaly öňüni alyş çäreleri möhüm ähmiýete eýedir. Ýangynlar diňe bir tebigata we ykdysadyýete däl, eýsem adam saglygyna hem ýaramaz täsir ýetirip, howanyň hapalanmagyna we global ýylamanyň güýçlenmegine getirýär.