Dominikan Respublikasynyň wekili «Dünýä gözeli – 2026» halkara gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 5-nji sentýabrda Wýetnamyň Nýaçang şäherinde geçirildi. Ýaryşyň netijelerine görä, ikinji orny Ispaniýanyň, üçünji orny bolsa Malaýziýanyň wekili eýeledi. Bu barada TASS habar berdi.
Şu ýyl geçirilýän bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen milli gözellik ýaryşlarynda ýeňiş gazanan 111 gyz gatnaşdy.
«Dünýä gözeli» halkara gözellik bäsleşigi ilkinji gezek 1951-nji ýylda geçirilipdi. 2026-njy ýyldaky ýaryş onuň taryhynda 73-nji gezek guraldy.
Bäsleşik dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlemek bilen bir hatarda, gatnaşyjylaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny halkara derejesinde tanyşdyrmak üçin hem mümkinçilik döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.