Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň Gyrgyzystandaky böleginde ilkinji tunneliň gurluşygynda möhüm tapgyr tamamlandy. Taslamany durmuşa geçirýän kompaniýanyň maglumatyna görä, Koş-Dobo Demirgazyk №2 tuneliniň buraw işleri üstünlikli tamamlandy.

Uzynlygy 209,6 metr bolan bu tunnel Gyrgyzystanyň çäginde taslama boýunça geçirilen ilkinji tunnel bolup durýar. Onuň gurluşygyna 2025-nji ýylyň iýun aýynda başlanypdy.

Häzirki wagta çenli taslamanyň çäklerinde 27 tunneliň, 43 köpriniň we 88 demir ýol düşeginiň gurluşygyna girişildi. Şeýle hem 20 demir ýol menzilinde gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalarynyň biridir. Demir ýol Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki Kaşgar şäherinden başlap, Gyrgyzystanyň Jelalabat şäheriniň üsti bilen Özbegistanyň Andijan şäherine çenli uzalar.

Taslamanyň umumy uzynlygynyň 500 kilometrden geçmegine, Gyrgyzystanyň çäginden geçýän böleginiň bolsa 304,84 kilometre ýetmegine garaşylýar.

Täze demir ýol Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda goşmaça ulag aragatnaşygyny döretmek bilen birlikde, sebitdäki söwda we logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döreder. Ulag geçelgesiniň işe girizilmegi ýükleriň daşalýan wagtyny azaltmaga we logistika çykdajylaryny peseltmäge hem ýardam edip biler.

Demir ýol, ilkinji nobatda, deňze göni çykalgasy bolmadyk Gyrgyzystanyň halkara bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmek nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe. Özbegistan üçin hem täze söwda ugurlarynyň açylmagyna, Hytaý üçin bolsa Merkezi Aziýa bilen ulag-logistika gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga şert döredýär.

Ilkinji tunneliň buraw işleriniň tamamlanmagy köpýyllyk taslamanyň gurluşyk tapgyrynda möhüm netijeleriň biri hökmünde bahalandyrylýar. Geljekde bu demir ýoluň üç ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny, maýa goýum hyzmatdaşlygyny we sebitleýin ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşmagyna garaşylýar.