«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Şöhle» çagalar sagaldyş merkezinde «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Çäre her ýyl geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — durmuşymyzyň asudalygydyr» atly umumymilli aýlygyň çäklerinde guraldy.
Bäsleşigiň final tapgyryna Aşgabat şäherinden, Arkadag şäherinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan umumybilim berýän mekdepleriň 140 okuwçysy gatnaşdy. Ýaşlar ýol hereketiniň düzgünleri boýunça nazary bilimlerini we gündelik durmuşda zerur bolan amaly başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň esasy maksady ýaş nesliň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça düşünjäni ýokarlandyrmak, hukuk medeniýetini berkitmek we okuwçylarda ýolda özüňi jogapkärçilikli alyp barmak endigini kemala getirmekden ybarat boldy. Şeýle hem çäre çagalaryň gatnaşmagyndaky ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirildi.
Ýaryşyň dowamynda gatnaşyjylar ýol hereketiniň düzgünleri baradaky bilimlerini synagdan geçirdiler. Olar pyýada we ýolagçy hökmünde howpsuz hereket etmek, ýol şertlerine dogry baha bermek hem-de garaşylmadyk ýagdaýlarda çalt we dogry çözgüt kabul etmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň möhüm bölümleriniň biri ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça geçirilen synag boldy. Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hünärmenleriniň we meýletinçileriniň goldawy bilen okuwçylar adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi dogry görkezmek, tiz hereket etmek we birek-birege ýardam bermek boýunça taýýarlyklaryny görkezdiler.
Nazary we amaly synaglaryň ählisini üstünlikli geçen ýaş gatnaşyjylar ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimleriniň ýokary derejesini görkezmegi başardylar. Olar öz deň-duşlarynyň arasynda ýol medeniýetini wagyz etmekde görelde bolmaga gönükdirilen möhüm tejribe topladylar.
Bäsleşigiň geçirilmegine Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Bilim ministrligi, Awtomobil ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti gatnaşdy.
Bu çäre ýaşlaryň ýol hereketiniň düzgünlerine bolan jogapkärçilikli garaýşyny berkitmek, olaryň howpsuzlyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça düşündiriş işlerini güýçlendirmek babatda ähmiýetli çäreleriň biri boldy.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.